Ýurgen Klop «Reala» ýa-da «Barselona» tälimçi bellenip biler - HBS

  • 15.09.2019 22:13
  • 3.4k+

«Liwerpulyň» baş tälimçisi Ýurgen Klop Ispaniýanyň top klublary üçin ýerine düşjek hünärmen hökmünde görülýär. Bu barada sportbox.ru habar berýär.
Habar beriş serişdeleriniň bellemegine görä, Madridiň «Realynyň» we katalonlaryň «Barselonasynyň» ýolbaşçylary Zinedin Zidany hem-de Ernesto Walwerdeni öz wezipelerini ýeterlik derejede ýokary hilli ýerine ýetirip bilmeýär diýip hasaplaýar. Şonuň üçin hem klublar olaryň ýerine adam gözläp başladylar.
Täze baş tälimçiniň wezipesine esasy dalaşgär hökmünde 2015-nji ýyldan bäri «Liwerpula» tälimçilik edip gelýän nemes hünärmeni Ýurgen Klop görülýär. Bellenilişi ýaly, Klopuň ispan toparyna goşulmagy goragçy Wirjil wan Deýkiň hem klubuny täzelemegine ynandyryp biler.
Ýatlap geçsek, «Liwerpul» 52 ýaşly Klopuň ýolbaşçylygynda 2018/2019 möwsümde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolmagy başardy. Angliýanyň Premýer ligasynyň 5-nji tapgyryndan soňra «Liwerpul» hiç hili utuk ýitirmän, birinji ýerde barýar.
«Liwerpuldan» öň Klop «Maýns» we Dortmundyň «Borussiýasyny» türgenleşdirdi.

düýn 23:07
1.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.1k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.9k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......