GALAXY NOTE10|NOTE10+: Bir enjam — islendik wezipeler

  • 15.09.2019 13:24
  • 7.2k+

Bir aý mundan öň «Samsung Electronics» kompaniýasy ilkinji gezek Galaxy Note10 mobil enjamyny iki ölçegde: displeýi 6,8 dýum bolan Note10+ we ekrany 6,3 dýum bolan Note10 hödürledi.
Täze Galaxy Note10|10+ örän köp sanly täsin hem peýdaly artykmaçlyklara eýedir:
— aşa tiz işleýän prosessory ýokary öndürijiligi mynasybetli islendik çylşyrymlykdaky wezipeleri örän tiz wagtda çözüp berýär;
— Korpusynyň galyňlygy 7,9 mm. Operatiw ýady 12 Gb, oturdylan ýady 256 Gb, 768 Gb-a çenli artdyrylyp bilinýär
— çäksiz Cinematic Infinity-O 6,8 dýumlyk displeýiniň çarçuwasy asla görünmeýär diýen ýaly. Bu displeý Galaxy Note kysymlaryň taryhynda iň ulusydyr. Bu displeý enjama goşmaça bezeg berýär we synlaýan kontentiňizden ünsi sowmaýar;
— Dynamic AMOLED ekrany HDR10+ standartlaryna laýyk gelýär we tonlary dinamik ýagdaýda görkezýär. Bu bolsa suratyň hatda garaňky uçastoklaryndaky detallary hem görmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem munda mawy şöhläniň zyýanly şöhlelenmesiniň peseldilmegi bolsa gözler üçin oňaýlydyr;
— S Pen täzelenen perosy elde ýazylýan teksti çap görnüşine geçirmäge ukyply we ol uzak aralykdan dolandyrylyp bilinýär. Bellikleri islendik pursat goşmaça porgramma girmezden ekrana ýazmak mümkinçiligi bar;
— Galaxy Note10|10+ bilen siz gaýtalanmajak wideo we foto döredip, surata düşürmek we redaktirlemek üçin zerur bolan professional gurallardan peýdalanyp bilersiňiz. Professional derejedäki kamera janly fokusy we yrgyldyny supersazlaýjy funksiýasy bilen wideo düşürilende kadrlaryň dury düşmegine ýardam eder. Kamerasynyň giň burç aralygyny öz içinde almagy (123 gradus) ajaýyp panorama suratlaryny düşürmäge ýardam eder, öňdäki kamerada gijeki režim bolsa hatda garaňkyda hem oňat selfi düşürmäge mümkinçilik berer.
Galyberse-de, zarýad barada alada galmak gerek däl. Çünki Galaxy Note10+ 4300 mA/s göwrümdäki kuwwatly akkumulýatora eýedir. Ol smartfona uzakly gün işlemäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda akkumulýator çalt zarýad alyjylygy mynasybetli bary-ýogy 30 minutda doly zarýad toplap bilýär.
Galaxy Note Samsung öndürýän önümleriniň her tapgyrynda adamlar üçin peýdaly innowasiýalary ornaşdyrýar. Goşmaça maglumaty şu ýerden alyp bilersiňiz.

04.12.2025 13:39
6.1k+

Hytaýly alymlar howadan suw alýan “awtobus duralgasyny” döretdiler

Szýaotun Şanhaý uniwersitetiniň alymlary agyz suwuny gönüden-göni atmosfera howasyndan almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi. Bu barada China Daily habar berýär. Bu tehnologiýa kondensasiýa, çyglylygy siňdirmek we ýylylyk nasosy ýaly usullary ulanýar...

27.11.2025 10:26
1.5k+

Alymlar ilkinji gezek biologik materiallar bolmazdan emeli beýni dokumasyny döretdi

Riwersaýddaky Kaliforniýa uniwersitetiniň bioinženerleri beýni dokumasyna meňzeş doly emeli dokumanyň döredilendigini habar berdi. Alymlara ilkinji gezek şeýle materialy hakyky biologik maddalary ulanmazdan döretmek başartdy...

11.11.2025 15:19
3.9k+

Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar...

10.11.2025 13:10
5.6k+

Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler

Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň  (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi...