«Mançester siti» «Norwiçden» ýeňildi, «Liwerpul» birinji ornuny berkidýär

  • 15.09.2019 01:01
  • 2.2k+

Angliýanyň Premýer ligasynyň bäşinji tapgyrynda «Norwiç» öz öýünde «Mançester sitini» 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
«Norwiçden» Kenni Maklin (18-nji minut), Todd Kantwell (28) we Teýemu Pukki (50), «Sitiden» bolsa, Serhio Aguero (45) we Rodri (88) tapawutlanmagy başardy.
«Mançester siti» üçin bu ýeňliş Angliýanyň çempionatynyň şu möwsüminde ilkinjisidir. Geçen möwsümi hem hasaba alanyňda, ýurduň häzirki çempiony 18 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýärdi. Soňky gezek «Siti» 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda «Nýukasldan» ýeňlipdi.
Şu tapgyryň beýleki oýunlarynda «Mançester Ýunaýted» «Lesteri» 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýeke-täk pökgini 11 metrlik jerime urgusyndan Reşford geçirdi.
«Çelsi» bolsa 5:2 hasabynda «Wulwerhemptondan» üstün çykdy. «Çelsiniň» düzüminde Temmi Abraham garşydaşyň derwezesine 3 pökgini gönükdirmegi başardy.
Premýer ligada birinji orny elden bermän gelýän «Liwerpul» «Nýukasldan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. «Liwerpuldan» Mane 2 pökgini, Salah bolsa 1 pökgini öz adyna ýazdyrmagy başardy. Angliýanyň Premýer ligasynyň jedweli bilen şu salgyda tanşyp bilersiňi.
Tapgyryň beýleki oýunlaryndan:
"Braýton" — "Býornli" — 1:1;
"Tottenhem" — "Kristal Pelas" — 4:0;
"Şeffilt Ýunaýted" — "Sauthempton" — 0:1.

düýn 23:07
1.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
1.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.4k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......