Gurban Berdiýew Daşoguz welaýatynda futbolyň ösdürilişi bilen tanyşdy

  • 14.09.2019 05:49
  • 7.4k+

Meşhur türkmen we rus futbol hünärmeni Gurban Berdiýew Daşoguz welaýatyna baryp gördi, diýip Turkmenportal habar berýär.
«Rubiniň» öňki baş tälimçisi Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde futboluň ösdürilişi bilen tanyşlygyny dowam edýär. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda bolmagynyň dowamynda Gurban Berdiýew «Garaşsyzlyk» we «Sport toplumy» stadionlarynda futbolyň ösdürilmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu stadionlar 7800 we 10 000 tomaşaça niýetlenendir. G.Berdiýew çagalar toparlarynyň türgenleşigine gatnaşdy we Türkmenistanyň IIM-niň «Köpetdag» futbol toparynyň ýanynda çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň şahamçasyny açdy. Öňräk ýurdumyzda adybelli bu futbol toparynyň şahamçalary Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda açylypdy.Bu sport mekdepleriniň maksady ýetginjek ýaşdan futbolçylary taýýarlamagyň ulgamyny ýola goýmakdyr.
Saparyň çäklerinde G.Berdiýew Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň maslahatlar zalynda futbol jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda meşhur hünärmen tälimçileriň işindäki şertler we kynçylyklar, tälimçileriň taýýarlyk meselesi bilen tanyşdy.
Gurban Berdiýew zerur bolan tälimçilik okuwlaryny gurnamaga we bu işe Tatarystanyň futbol akademiýasynyň hünärmenlerini çekmäge taýýarlygyny belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň sebitlerine saparlarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanda futboly mundan beýläk hem ösdürmek boýunça degişli tekliplerini taýýarlajakdygyny belledi.

düýn 23:07
994

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
1.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.4k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......