Ýewropanyň ligalaryna futbol dolanyp gelýär

  • 13.09.2019 21:56
  • 2.1k+

Ýewro — 2020-niň kwalifikasiýa oýunlary tamamlandy. Futbol klublaýyn häsiýetde gaýtadan ýola goýlar. Eýsem, dynç günlerinde bize nähili futbol duşuşyklary garaşýar?
Angliýa — Premýer liga

«Liwerpul» - «Nýukasl». Ýurgen Kloppuň tälimçilik edýän futbol topary möwsümiň başyndan bäri öňdeligi elden bermän gelýär. Ýöne dumanly Albionda garaşylmadyk netije elmydama bolup biler. Belki-de, «Nýukasl» Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisiniň möwsümdäki ilkinji utuklaryny alyp biler?!
«Wulwerhempton» geçen möwsümde Çempionşipde üstünlikli çykyş edip, hatda Ýewropa ligasyna hem çykmagy başardy. Ýöne Santunyň futbolçylary möwsüm başlandan bäri, bassyr 4 oýun ýeňiş gazanyp bilmän gelýär. «Çelsi» bilen duşuşyk garaşylmadyk netijäni berip biler. Frenk Lemperdiň işine syn etmek gyzykly. Ýaş tälimçiniň tejribeli portugal tälimçisi bilen dueli çekeleşikli bolar.
Germaniýa — Bundesliga
Nemesleriň Bundesligasynda şu tapgyrda çempionlyk derejesine dalaş edýän toparlar — «Leýpsig» bilen «Bawariýa» duşuşar. Ýulian Nagelsmannyň futbolçylary nemesleriň futbol diwizionynda 4-nji tapgyra hiç hili utuk ýitirmän gelen ýeke-täk topardyr. Mýunhenliler bolsa, «Gerta» bilen duşuşykda utuk gidiripdi. Bu duşuşyk «Leýpsigiň» çempionlyga dalaş edip biljekdigini görkezer.
Dortmundyň «Borussiýasy» bolsa, Lewerkuzeniň «Baýer» topary bilen duşuşar.
Ispaniýa — La liga
Ispaniýanyň La ligasynyň nobatdaky tapgyrynda «Barselona» bilen «Walensiýa» duşuşar. Katalonlarda Lionel Messiniň saglyk ýagdaýy sorag astynda bolsa, «Walensiýada» toparyň ýolbaşçylary bilen dawa sebäpli onuň baş tälimçisi Marselino tälimçilikden aýryldy. Eýsem, Messisiz «Barsa» täze tälimçi Seladesiň «Walensiýasyna» garşy näme oýun görkezer?!
«Realyň» düzüminde bolsa ilkinji gezek Eden Azar oýna çykyp biler. «Lewanta» garşy duşuşykda belgiýaly futbolçy birinji resmi duşuşygyna çykyp biler.
Italiýa — Seriýa A
Ýene-de bir hepdeden boljak Milan derbisinden öň hem Italiýada gyzykly duşuşyklar geçiriler. Şu tapgyrda «Fiorentina» bilen «Ýuwentus» duşuşar. Fialkalar soňky ýyllarda «Ýuwentusa» garşy şowsuz çykyş edýärler, emma bu gezek şowsuzlygy düzetmäge synanyşarlar.
«Inter» bolsa, «Udineze» bilen duşuşar. «Interiň» düzüminde Aleksis Sançesiň oýna çykmak mümkinçiligi bar. Bu özüne çekiji bolup biler, çünki Sançes «Udinezedekä» şöhrat gazanyp, soňra «Barselona» geçipdi.
Fransiýa — Liga 1
Şu tapgyrda Fransiýanyň Liga 1-inde «Monako» «Marseli» kabul eder. Geçen tapgyrda monegasklar şowsuz çykyş edip, hatda «Nima» toparyndan üstün çykmagy başarmandy. Belki-de bu gezek üstünlik gazanmak başa barar.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......