Messiniň interwýusy: «Barselona» ähli ýaryşlarda ýeňiş gazanmak isleýär

  • 13.09.2019 02:31
  • 3.5k+

Leo Messi žurnalistler bilen seýrek gürleşýär, şonuň üçin hem onuň interwýusy aýratyn waka. Milli ýygyndylaryň duşuşyklary üçin arakesmede «Barselonanyň» hüjümçisi katalonlaryň «Sport» gazeti bilen gürrüňdeş boldy. Dünýä meşhur futbolçynyň gürrüňlerinden bölekleri siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
«Men Neýmaryň dolanyp gelmegini islärdim. Onuň gelmegine garşy bolýanlara düşünýän. Çünki hemmeler Neýiň nädip gidendiklerini bilýärler. Ýöne sport nukdaýnazaryndan Neýmar dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň biri. Onuň biziň toparymyzda oýnamagy biziň öňde goýan maksatlarymyza ýetmek mümkinçiligimizi ýokarlandyrar. Gepleşikler başa barmady, şonuň üçin bir bar bolan düzümimizde ünsi jemlemeli.
«Barselona» Neýmary dolap getirmek üçin ýeterlik tagalla etdimi? Gepleşikleriň geçişi barada mende känbir maglumat ýok. Men diňe Neýmar bilen gürleşdim. Ol örän yzyna dolanasy gelýärdi. Toparyň ony hakykatdan hem yzyna dolap getirmek isländigini anyk bilemok, ýöne Neýmar yzyna dolanyp gelmegi umyt etdi».
– Siz Ispaniýanyň çempiony derejäňizi elden gidirip, Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmaga razy bolardyňyzmy?
– Ýok. Möwsüm başlanda biz elmydama ähli baýraklary gazanmak isleýändigimizi we muňa ýetmek üçin güýjümizde baryny etjekdigimizi aýdýarys. Öz oýnumyzy tiz tapmagy umyt edýäris. Biz ähli baýraklary almak sileýäris.
Elbetde, men Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak isleýärin. Emma möwsümiň başynda men saýlamak islemeýärin — ikisini hem alasym gelýär.
– Bartomeunyň bellemegine görä, siziň şertnamaňyzda size möwsümiň ahyrynda topardan mugt gidip bilmeklige degişli bölüm bar. Bu dogrumy?
– Muny tassyklap bilmerin. Biziň şertnamamyzda maglumatlary gizlin saklamak bellenilen. Bir zady aýdyp bilerin - «Barselonada» mümkin boldugyndan uzak wagtlap bolmagy isleýärin. Men bütin karýeramyň dowamynda bu ýerini öz öýüm diýip atlandyryp gelýärin.
Öň belläp geçişim ýaly, maňa toparymyň ýeňişli ruhda bolmagy zerur, çünki ýeňiş gazanmagy dowam etmek isleýärin. Meniň üçin pul we şertnama hiç zat aňlatmaýar. Meni başga zatlar ruhlandyrýar, esasan — ýeňiş.
Bu ýerde tä oňat çykyş etmegi başarýançam oýnamagy dowam etdirmek isleýärin.
Özüni «Altyn pökgi» almaklykda faworit hasaplamaýar.
«Bu baýragy almak ugrunda men faworitmi? Bilemok. «Altyn pökgi» geň baýrak, onda kimiň fawotirdigini hiç kim bilmeýär. Soňky ýyllarda olar toparyň gazanýan üstünliklerine seredýärler, bu erbet däl. kähalatlarda baýragy dünýä çempionaty üçin gowşurýarlar.
Men hiç wagt hem özümi bu ýaryşda faworit hasaplamadym. Öň belläp geçişim ýaly, indiwidual baýraklar meniň üçin ikinji derejeli zat».
– Ýakynda Kriştianu siziň bilen günortanlyk edinmek isleýändigini aýtdy. Siz onuň çakylygyny kabul edersiňizmi?
– Elbetde, gürrüňsiz. Men hemişe belleýşim ýaly, meniň onuň bilen hiç hili gapma garşylygym ýok. Biz ýakyn dostlar bolmasak hem, dürli çärelerde biz onuň bilen bile gatnaşýarys.
Günortanlyk nahary barada anyk aýdyp bilmen. Çünki düşnükli sebäplere görä, biziň bir wagtda duşuşyp biljegimiz belli däl. Ýöne men uly höwes bilen çakylygy kabul ederdim.

düýn 23:07
1.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.1k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.9k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......