Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysynda 160-njy oýnuny oýnady we 40-njy ýygynda gol saldy

  • 11.09.2019 06:54
  • 4.7k+

«Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Ýewro-2020-niň saýlama tapgyrynda Litwa garşy duşuşyga (5:1) başlangyç düzümde çykdy. Bu duşuşyk portugaliýaly ýyldyz futbolçy üçin milli ýygyndynyň düzüminde 160-njy boldy, diýip sports.ru habar berýär.
Milli ýygyndynyň düzüminde geçiren duşuşyklarynyň sany boýunça Ronaldu Ýewropada 5-nji ýerde barýar. Ondan öňde Serhio Ramos, Iker Kasilýas, Witaliý Astafýew (hemmesi – 167) we Janluiji Buffon (176) bar.
Häzirki wagtda oýnap ýören futbolçylaryň içinde hem Ronaldu 5-nji ýerde barýar we ondan öňde Bader Al-Mutwa (Kuweýt, 171), Ahmed Mubarak (Oman, 171), Serhio Ramos (Ispaniýa, 167) we Andres Guardado (Meksika, 162) bar.
Milli ýygyndynyň düzüminde çykyş etmek boýunça dünýä rekordy Müsürden Ahmed Hassana degişli (184).
Litwa garşy geçirilen duşuşykda Ronaldu derwezä 4 pökgi geçirmek bilen, birnäçe üstünlikleri gazandy:
• Häzirki wagtda Kriştianunyň Portugaliýanyň düzüminde 93 goly bar. Ol dünýäniň 40 ýygyndysyna gol geçirmegi başardy. Eýranly Ali Daeiniň dünýä rekordyny geçmek üçin bary-ýogy 16 pökgi galdy.
• Kriştianu karýerasynda 54-nji, milli ýygyndynyň düzüminde bolsa 8-nji het-trigini etmegi başardy. Deňeşdirip görmek üçin: Jessi Lingard bütin karýerasynda 45 pökgi geçirdi.

düýn 23:07
1.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
1.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.4k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......