Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynda ikinji duşuşygyny geçirdi

  • 11.09.2019 04:53
  • 4.8k+

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyrynda Koreýa Respublikasynyň miilli ýygyndysyndan ýeňlişe sezewar boldy. Paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň saýty habar berýär.
Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Na Sangho (13) bilen Jung Wooýung (78) tapawutlanmagy başardylar.
Türkmen toparynyň dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynda ikinji duşuşygyny geçirendiklerini ýatladýarys. Horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň tälim berýänleri saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyny myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňlişe sezeawr etmegi başardy.
Ýygyndy toparymyz saýlama tapgyrynyň üçünji tapgyrynyň duşuşygyny myhmançylykda Liwanyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyk 10-njy oktýabrda geçiriler.
“H” toparçasynda çykyş edýän milli ýygyndymyzyň garşydaşlarynyň Günorta Koreýanyň, Demirgazyk Koreýanyň, Liwanyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylarydygyny ýatladýarys.

düýn 23:07
1.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
1.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.4k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......