Hytaýda hassahanalarda 5G torlaryny ornaşdyrmak boýunça taslama işe girizildi

  • 10.09.2019 12:27
  • 3.4k+

Hytaýyň öňdebaryjy hassahanalary we aragatnaşyk operatorlary telekommunikasiýalar ulgamynda iri kompaniýalaryň biri bolan «Huawei» bilen bilelikde Hytaýyň hassahanalarynda 5G torlary üçin standartlary ornaşdyrmak boýunça taslamany işe girizdiler. Bu barada Orient agentligi China daily salgylanyp habar berýär.
Taslama Saglygy goraýyş milli komissiýasy (NHC), Telelukmançylyk we saglygy goraýyş milli merkezi, şeýle hem Başlangyç lukmançylyk kömeginiň telelukmançylygy ösdürmek sorag-jogap merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýär.
«Huaweo» kompaniýasy hyzmatdaşlary bilen bilelikde dürli hyzmatlary bermäge ukyply, şol sanda maslahat bermeklige, ambulator bejergi we köp sanly beýleki lukmançylyk kömeklerini bermäge ukyply 5G lukmançylyk görkezme meýdançalarynyň 100-den gowragyny gurdy
China Telecom-yň wekilleriniň bellemegine görä, 5G-ni senagatyň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak prosesinde lukmançylyk pudagynda 5G iň köp isleg bildirilýär.
Ýakynda Şanhaýyň iri hassahanalarynyň biri bolan — «Renji» mobil aragatnaşygynyň 5-nji neslini (5G) ulanmak arkaly ýurtda ilkinji bolup göni ýaýlymda operasiýany görkezdi.
Sanly lukmançylygy ösdürmek we bu ugurda iň täze tehnologiýalary ulanmak meseleleri ýakynda Aşgabatda geçirilen saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

düýn 20:32
952

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
479

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
981

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....