Aşgabat «Türkmenistan – Günorta Koreýa» futbol duşuşygyna taýýarlyk görýär

  • 08.09.2019 03:16
  • 4.3k+

Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde 10-njy sentýabrda paýtagtymyzda duşuşýan Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasy baş tälimçileriň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçiriler. Bu barada Türkmneistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.
Metbugat ýygnagy 9-njy sentýabrda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynyň konferensler zalynda geçiriler. Metbugat ýygnagy 12:00-da başlanar.
Metbugat ýygnagynyň öňsüsyrasy akreditirlenen žurnalistleriň atlary we suratlary berkidilen akreditasiýa kartlary gowşurylar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň ikinji duşuşygyny Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyk 10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Duşuşyk 19:00-da başlanar.
Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini ýatladýarys.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......