Habib Nurmagomedow UFC 242 ýaryşynda Porýeden üstün çykdy

  • 08.09.2019 02:52
  • 7.9k+

Abu-Dabide göreşiň garyşyk görnüşi boýunça UFC 242 ýaryşy tamamlandy. Ýaryşyň iň aýgytlaýjy hem esasy wakasynda UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow bilen wagtlaýyn çempion adynyň eýesi Dastin Porýe duşuşdy.
Duşuşyk russiýaly türgeniň görnetin artykmaçlygy bilen geçdi. Eýýäm birinji raundda Habib iki gezek teýkdaun etmegi başardy, bogujy emelleri geçirmäge synanyşdy, bäşminutlygyň ahyrynda bolsa, tirsek bilen Porýe birnäçe agyr ugrulary geçirmegi başardy. Ikinji raundyň birinji minudynda Porýe dik stoýkada garşydaşyna gaýtawul bermegi başardy we ol Habibe birnäçe agyr urgulary geçirdi. Ýöne az wagtdan russiýaly türgen ýene-de teýkdaun etdi we ikinji raundyň ahyryna çenli hem göreşde öňdeligini elden bermedi.
Üçünji raundda Habib Porýeniň gapma-garşylygyny ýeňmegi başardy we bogujy emel geçirmek arkaly deslapdan ýeňiş gazanmagy başardy.
Şeýlelikde, Habib Nurmagomedow ikinji gezek hem UFC-niň çempiony adyny üstünlikli goramagy başardy we garyşyk göreş boýunça yzygiderli ýeňişleriniň sanyny 28 göreşe çenli ýetirdi. Porýe babatda aýdylanda bolsa, amerikaly türgen wagtlaýyn çempion guşagyndan mahrum boldy. Dastiniň bassyr ýeňlişsiz gelýän bäş sany ýeňişli yzygiderliginiň arasy bölündi, ol 2016-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......