Habib Nurmagomedow UFC-niň çempionlygyny almak ugrunda Dastin Porýe bilen göreşer

  • 07.09.2019 07:02
  • 12k+

7-nji sentýabrda Abu-Dabide UFC-niň çempionlygyny almak ugrundaky göreşde onuň häzirki hereket edýän çempiony Habib Nurmagomedow amerikaly Dastin Porýe bilen göreşer, diýip Turkmenportal «Первый канал» teleýaýlymyna salgylanyp habar berýär.
Garyşyk göreş boýunça sport karýerasynda Habib Nurmagomedow henize çenli bir göreşde hem ýeňilmändi. Ol özi üçin iňe esasy göreşleriň birinde — 2018-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Konor Makgregor bilen bolan göreşde Habib dördünji raundda bogujy emel ulanyp gürrüňsiz ýeiş gazanmagy başarypdy. Göreşden soň dawa ýüze çykyp, netijed rus türgenini 9 aýlap göreşmekden çetleşdirdiler.
Dastin Porýe 2019-njy ýylyň aprelinde amerikaly Maks Holloweýi ýeňip, UFC ýeňil agramda wagtlaýyn çempiony adyny gazanmagy başardy.
Habib Nurmagomedow we Dastin Porýe birek-birege sylag-hormatly gatnaşýarlar we oňat göreşiň bolmagy üçin dawa-jenjeliň zerur däldigini subut etmek isleýärler. UFC 242 şüweleňi üçin Abu-Dabi Ýas adasynda «The Arena» atly ýörite 13 müň adamlyk stadion gurdurdy. Bu göreş üçin biletler eýýäm 96 sagadyň içinde satylyp gutardy.
«Первый канал» teleýaýlymy bu titul göreşini göni ýaýlymda görkezer. Göreş Aşgabatda wagty bilen 8-nji sentýabrda 00:30 sagatda başlanar. Aşgabatda UFC köpsanly muşdaklary IP-TV arkaly «Первый канал» teleýaýlymyndan bu göreşi göni ýaýlymda synlap bilerler.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......