Türkmenistan dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Şri-Lankadan üstün çykdy

  • 05.09.2019 23:55
  • 4k+

Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen duşuşan milli ýygyndymyz 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň saýty habar berýär.
Saýlama tapgyrçasynyň “H” toparçasynyň çäginde Kolombo şäherinde geçen duşuşykda Wahyt Orazsähedow (8 m.) bilen Arslanmyrat Amanow (53 m.) tapawutlanmagy başardylar.
“H” toparçanyň beýleki duşuşygynda Demirgazyk Koreýanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Liwanyň ýygyndy toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde ikinji duşuşygyny Koreýa Respublikasynyň ýygyndysynyň garşysyna geçirýändigini ýatladýarys. Bu duşuşyk 10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçiriler.

düýn 20:53
6.9k+

Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy...

düýn 15:36
10k+

Mbappe sürüjilik şahadatnamasyny aldy we özüne BMW iX3 edindi

«Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe 27 ýaşynda Madridde sürüjilik şahadatnamasyny aldy. Ol özüniň ilkinji ulagy hökmünde awtomat korobkaly doly elektrikleşdirilen «BMW iX3» modelini saýlady. BMW kompaniýasy Madrid klubunyň hyzmatdaşy bolsa-da, toparyň beýleki oýunçylarynyň arasynda bu modeli Mbappeden başga saýlan ýok...

düýn 11:48
5.2k+

BBC-iň sanawyna görä braziliýaly Ronaldo XXI asyryň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi

Britaniýanyň meşhur BBC agentligi XXI asyryň iň gowy hüjümçileriniň sanawyny taýýarlady. Onuň iň ýokary basgançagyny «towşandiş» lakamy bilen tanalýan braziliýaly Ronaldo eýeledi. Gyzykly tarapy, bu sanawa Kriştiano Ronaldu we Lionel Messi girizilmedi...

08.03.2026 22:03
5k+

«Inter Maýaminiň» eýesi: Messi klubda ýylda 80 million dollara çenli gazanýar

Dünýä belli argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Inter Maýami» amerikan futbol klubunda ýylda 70 milliondan 80 million dollara çenli alýar. Bu barada klubuň eýelerinden biri bolan Horhe Mas Bloomberg agentligine beren interwýusynda mälim etdi...