Futbol boýunça 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi nyşany tassyklandy

  • 04.09.2019 23:40
  • 4.8k+

Öň habar berşimiz ýaly, futbol boýunça 2022-nji ýyldaky dünýä çempionaty biziň yklymymyzda, has takygy, Katarda geçiriler. Katar ― 2022-niň resmi nyşany bütin dünýä görkezildi, diýip Turkmenportal habar berýär.
Nyşan ýerli we sebitleýin araplaryň medeni aýratynlyklaryny özüne siňdiripdir. Onuň ak reňkdäki düşegi bolsa ilkinji gezek gyşda geçiriljek dünýä çempionatyny alamatlandyrýar. Şeýle hem nyşanda arap çölleri öz beýanyny tapypdyr. Nyşanyň «8-lik» görnüşinde bolmagy duşuşyklaryň Katardaky 8 stadionda geçiriljekdigini aňladýar.
Dünýä çempionaty ― 2022-niň nyşany üçin dizaýnerler ýörite şrift oýlap tapmaly boldular. Ol arap elipbiýiniň aýratynlyklaryny hem ýatladýar.
Çempionat 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry ― 18-nji dekabry aralygynda geçiriler. Ertir bolsa Aziýa yklymy boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler. Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygyny myhmançylykda Şri-Lanka garşy geçirer.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......