Türkmenistan Şri-Lanka hem-de Koreýa Respublikasyna garşy duşuşyklara taýýarlyk görýär

  • 04.09.2019 06:18
  • 4.7k+

Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bilen duşuşmazdan öň, penşenbe güni Gruziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin Stambul şäherine geldi. Bu duşuşyk Koreýanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyrda Türkmenistan bilen geçirjek duşuşygyna taýýarlygyň möhüm bölegine öwrüler. Türkmenistan ― Koreýa Respublikasy duşuşygy 10-njy sentýabrda Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Onuň agşam sagat 19-da başlanmagyna garaşylýar. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Bu duşuşyk Koreýa Respublikasynyň saýlama tapgyryň Aziýa bölegindäki ilkinji duşuşygy bolar.
Koreý futbolçylarynyň baş tälimçisi, portugaliýaly hünärmen Paulu Bentu Stambula uçulmazyndan öňürti Inçhonyň halkara howa menzilinde žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
«Yonhap News Agency» neşiriniň pikirine görä, Türkmenistanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyk koreý futbolçylary üçin «meýdandaky keýpine gezelenç» bolar. Koreýanyň ýygyndysy FIFA-nyň sanawynyň 37-nji basgançagynda, Türkmenistan bolsa garşydaşlaryndan 95 basgançak yzda. Ýöne Paulu Bentu duşuşyk barada ynamly gürlemekden saklandy. Onuň pikirine görä, Türkmenistan täze, tejribeli tälimçisi bilen garaşylmadyk oýny orta goýup biler. Neşir horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň 2019-njy ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinde işleýändigini hem ýatlatdy.
«Biz käbir duşuşyklaryň öňünden pikirlerimizi aýdyp bileris, ýöne garşydaşlarymyzyň täze tälimçisiniň ýolbaşçylygynda bize garşy niçik oýnajakdygy barada öňünden bir zat aýtmak kyn. Biz duşuşykda öz hemişelik pelsepämize eýereris we oýun usulymyzy üýtgetmeris. Muny hemişe-de şeýdýäris» diýip, Paulu Bentu Inçhonyň halkara howa menzilinde aýtdy.
Öňümizdäki penşenbe güni Türkmenistanyň ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny Şri-Lankanyň ýygyndysyna garşy geçirer. Paulu Bentunyň pikirine görä, bu duşuşyk Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzirki ýeten derejesi barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berer.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......