Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempionaty sentýabryň ahyrynda başlanar

  • 01.09.2019 23:03
  • 1.8k+

Sentýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda Türkmenistanyň 2019/2020-nji möwsüm üçin hokkeý boýunça nobatdaky — ýedinji çempionaty badalga alar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Milli çempionatyň geçen alty möwsüminde ýeňşi bassyr alty gezek Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary gazanypdy. Täze möwsümde Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenlerine ýeňil düşmez, çünki beýleki toparlar möwsüm aralygynda düzümini täze oýunçylar bilen ýetirdiler.
Geçen çempionatyň bürünç medallarynyň eýesi bolan «Watançy» toparynyň ýolbaşçylary täze möwsümde ýeňiş gazanmak üçin ýaş hokkeýçileri toplamaga üns berdiler. 2018-2019-njy ýyllaryň wise-çempiony «Şir» we «Oguzhan» toparlary bolsa düzümini harby gullugyny tamamlap gelen öňki türgenleri bilen güýçlendirdiler.
Türkmenistanyň hokkeý boýunça nobatdaky çempionaty aýratyn çekeleşikli bola. Üstesine, täze möwsümde medallara dalaş etjek täze topar — «Galkan – 2» topary goşular. Bu topara ýurdumyzyň häzirki çempionlarynyň ikinji ýa-da ýaşlar topary girýär.

düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......