«EXPO 2020»: Bütindünýä sergisine 190 döwlet ganaşar

  • 28.08.2019 23:54
  • 7.9k+

2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň apreli aralygynda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) geçiriljek «EXPO 2020» Bütindünýä sergisiniň şygary — «Pikirleri birleşdirmek bilen geljegi döredýäris». Arap dünýäsiniň bu iri çäresine 190 döwlet, şol sanda Türkmenistan gatnaşar, diýip ORIENT habar berýär.
Milli pawilýonlar sergä gatnaşyjy döwletleriň ösüş ugurlaryny we medeniýetini açyp görkezer. Sergide esasy üns ýokary tehnologiýalaryň milli gymmatlyklar bilen sazlaşykly utgaşmasyna berler. Türkmenistanyň pawilýonynda sözüň doly manysynda bugdaýyň ösüşini, ahalteke bedewleriniň toýnak urşyny duýup bolar.
Milli ekspozisiýa ýurdumyzyň häzirki zaman ykdysady gazananlaryny we mirasyny beýan eder. Mysal üçin, pawilýonyň diwarlarynyň biriniň daşky bezegi türkmen haly gölüniň şekilini görkezer.
Ekologiýa we ýaşlaryň ekologiýa meselelerini çözmegine gatnaşygyna aýratyn üns berler. Serginiň guramaçylarynyň bellemegine görä, bize ýaşaýan dünýämiz bilen deňagramlylygy gazanmak zerur.
Hut şonuň üçin hem «EXPO 2020-ä» iýmitiň, suwuň alternatiw çeşmelerini, arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýany hödürläp biljek ýaş hünärmenleriň — alymlaryň, ylmy barlagçylaryň, oýlap tapyjylaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ýakyn Gündogar we Afrika sebitinde ilkinji gezek Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” sergisine 6 aýyň dowamynda 25 milliondan gowrak syýahatçynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
«World Expo 2020-de» resmi pawilýony täze «Dubai Trade Center» resmi meýdançasynda ýerleşdiriler. Ol Jebel Ali etrabynda ýerleşýär we ýörite sergi üçin taslamalaşdyrylan 438 gektar meýdany eýeleýär. Ol Dubaýdaky Al Maktoum International täze howa menzilinden birnäçe minutlyk ýolda, Dubaý bilen Abu-Dabiden deň aralykda ýerleşdiriler. Pawilýon şeýle hem TECOM, Dubai Sports City we Dubai Marina ýaly meşhur etraplaryň golaýynda ýerleşýär. Mundan başga-da, Dubai World Expo pawilýonynyň gurluşygy taslamalaşdyrylanda ekologiýa ýörelgeleri nazara alyndy. Şonuň çäklerinde sergini geçirmek üçin zerur bolan energiýanyň 50%-ni öndürmäge ukyply bolan Gün batareýalary dörediler.

düýn 20:32
911

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
464

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
976

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....