Dota 2, PES we Counter-Strike: GO boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyjylary bellige almak başlandy

  • 26.08.2019 22:33
  • 9.1k+

Kibersport boýunça 2019/2020-nji ýyllaryň çempionatyna gatnaşjaklaryň bellige alnyşygy başlandy, bu barada Turkmenportal Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasynyň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär. Çempionat Dota 2, Pro Evolution Soccer we Counter-Strike: Global Offensive boýunça geçiriler.
Ýaryşyň düzgünleri we gatnaşyjylardan bildirilýän talaplar barada federasiýanyň saýtynda doly maglumat berilýär. Täze möwsümiň ýaryşlaryna 25-nji sentýabrda badalga berler we olar 15-nji oktýabra çenli dowam eder. Duşuşyklar federasiýanyň TWITCH kanalynda göni ýaýlymda görkeziler.
Ýaryşlaryň ýeňijileriniň WESG Mid Asia-nyň Gazagystanda geçiriljek saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanjakdygyny ýatladýarys. Bu ýerde biziň ildeşlerimiziň garşydaşlary Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we ýer eýeleriniň wekilleri bolar.

düýn 20:32
911

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
464

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
976

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....