Gurban Berdiýew Türkmenistana geldi

  • 21.08.2019 23:34
  • 15k+

Meşhur türkmen hem rus futbol hünärmeni Gurban Berdiýew Türkmenistana geldi. «Turkmenportalyň» habar bermegine görä, hünärmen Aşgabada gelen ilkinji gününde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) jogapkär işgärleri bilen çagalar futbolyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy.
TFF-de habar berlişi ýaly, Türkmenistana saparynyň dowamynda Gurban Berdiýew welaýatlara baryp görmegi we ýurdumyzyň sebitlerinde furbolyň ösüşi, şol sanda çagalar-ýetginjekler futbolynyň ösüşi bilen gyzyklanmagy meýilleşdirýär.
Bu sapar «Rubin» futbol toparynyň öňki baş tälimçisiniň Aşgabada şu ýylda eýýäm ikinji saparydyr. Şu ýylyň martynda Gurban Berdiýew ýurdumyzyň futbol jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy, «Ahal», «Köpetdag», «Aşgabat» futbol toparlarynyň we Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň futbolçylary üçin açyk türgenleşikleri geçirdi.
2019-njy ýylyň iýun aýynda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Gurban Berdiýewe futbolçylary körpe ýaşdan taýýarlaýan tapgyrlaýyn ulgamy we ýurduň esasy şäherlerinde şahamçasy bolan futbol akademiýalaryny gurnamagy teklip etdi.
Gurban Berdiýew 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabatda dünýä indi. 1967-1971-nji ýylda Aşgabatdaky döwlet demir ýol ulag tehnikumynda, 1971-1975-nji ýyllarda bolsa Türkmen döwlet uniwersitetinde, 1989-1991-nji ýyllarda bolsa, Moskwa şäherindäki tälimçileriň ýokary mekdebinde bilim aldy.
Futbolçy bolup oýnan ýyllarynda Gurban Berdiýew ýarymgoragçy we kähalatlarda goragçy bolup çykyş etdi. 1959-nji ýylda Aşgabatda futbol bilen meşgullanyp başlady. Dürli ýyllarda «Gurluşykçy», «Kolhozçy» (Aşgabat), SKA we «Rostselmaş» (Don boýundaky Rostow), «Kaýrat» (Almaata) toparlarynda çykyş etdi.
Köp wagtlap ol «Rubin» (Kazan) toparynyň baş tälimçisi bolup işledi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 478 duşuşyk geçirdi (208 ýeňiş, 140 deňme-deňlik, 130 ýeňliş).«Rubin» topary bilen G.Berdiýew 2008 we 2009-njy ýyllarda Russiýanyň çempionatyny, 2 gezek Russiýanyň superkubogyny (2010, 2012) eýeledi, 2 gezek Çempioanlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşdy. 2011/2012 möwsümde Russiýanyň kubogyny eýeledi.

düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......