«Liwerpul» UEFA-nyň naýbaşy kubogyny eýeledi

  • 15.08.2019 23:22
  • 3.9k+

UEFA-nyň naýbaşy kubogyny almak ugrundaky duşuşykda «Liwerpul» oýundan soňky 11 metrlik urgular boýunça «Çelsiden» üstün çykmagy başardy, diýip UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.
Duşuşyk Stambuldaky «Wodafon Arena» stadionynda geçirildi. Duşuşykda hasaby «Çelsiniň» hüjümçisi Oliwýe Žiru açdy. «Liwerpulda» 48-nji minutda Sadio Mane tapawutlanmagy başardy. Belläp geçsek, Mane UEFA-nyň naýbaşy kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda gol geçirmegi başaran ilkinji senegallydyr. Duşuşyň esasy wagty 1:1 hasabynda deňme-deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda Sadio Mane ikinji pökgini derwezä gönükdirmegi başardy. «Çelsi» penaltiden Žorže Frellonyň ýerine ýetirmeginde pökgi bilen hasaby deňledi. Oýundan soňky 11 metrlik urgularda «Liwerpulyň» futbolçylary 5:4 hasabynda ýeňmegi başardylar.
«Liwerpul» bu kubogy dördünji gezek eýelemegi başardy we bu görkeziji boýunça «Real» bilen deňleşdi. «Barselona» bilen «Milan» bir ýeňiş öňdeligi saklaýar. UEFA-nyň naýbaşy kubogyny häzirki wagta çenli 24 topar eýelemegi başardy. «Liwerpulyň» baş tälimçisi Ýurgen Klopp tälimçilik karýerasynda 800-nji oýnuny geçirdi. Galyberse-de, ol UEFA-nyň naýbaşy kubogyny eýelemegi başaran ilkinji nemes tälimçi boldy.
UEFA-nyň naýbaşy kubogyny almak ugrundaky duşuşyga ilkinji gezek zenan emin — fransiýaly Stefani Frappar eminlik etdi.
UEFA-nyň naýbaşy kubogy — resmi futbol ýaryşy bolup, ol täze möwsüme badalga berýär. Onda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň ýeňijileri duşuşýar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......