Ýewropada futbol möwsümi badalga alýar

  • 14.08.2019 23:13
  • 5.7k+

Ýewropada nobatdaky futbol möwsümi başlanýar. Ýewropanyň derejesi boýunça iň öňdäki 5-ligine girýän ýurtlarda futbol şu aýyň dowamynda başlanar. Bu barada championat.com saýty şeýle belleýär.

Ispaniýa
Başlanýar: 16-njy awgustda
La Liganyň täze möwsüminiň birinji oýny «Barselona» bilen Bilbaonyň «Atletiginiň» arasynda oýnalar. «Selta» Madridiň «Realyny», Madridiň «Atletikosy» bolsa «Hetafeni» kabul eder. Şeýle hem 1-nji tapgyr oýunlary şulardan ybarat:
Walensiýa – Real Sosýedad;
Malorka – Eýbar;
Leganes – Osasuna;
Wilýareal – Granada;
Alawes – Lewante;
Espanýol – Sewilýa;
Betis – Walýodolid.

Germaniýa
Başlanýar:
16-njy awgustda
Möwsümiň birinji oýnunda «Bawariýa» «Gertany» kabul eder. Dortmundyň «Barussiýasy» «Augsburgy»bilen duşuşar. Şeýle hem 1-nji tapgyr duşuşyklary şulardan ybarat:
Baýer – Paderborn 07;
Wolsburg – Kýoln;
Werder – Fortuna;
Fraýburg – Maýns;
Borussiýa M – Şalke-04;
Aýntraht F – Hoffenhaým;
Union – RB Leýpsig.

Italiýa
Başlanýar: 
24-nji awgustda
Ýewropanyň iň top-ligalarynyň içinde Italiýada futbol möwsümi giç badalga alýar. Möwsüm Maurisio Sarriniň tälimçiliginde «Ýuwentusyň» «Parma» garşy myhmançylykdaky duşuşygy bilen açylar. Şeýle hem 1-nji tapgyrda şu duşuşyklar bolar:
Fiorentina — Napoli;
Udineze — Milan;
Kalýari – Breşiýa;
Werona – Bolonýa;
Roma – Jenoa;
Sampdoriýa – Lasio;
SPAL – Atalanta;
Torino – Sossuola;
Inter – Leççe.

Angliýada we Fransiýada futbol möwsümi eýýäm badalga aldy. Liga 1-de «Monako» 0:3 hasabynda «Liondan» ýeňlişe sezewar boldy. Angliýanyň Premýer-ligasynda bolsa «Man Siti» we «Liwerpul» ýeňiş gazanmagy başardylar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......