Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U16) CAFA-nyň çempionatyna gatnaşýar

  • 25.07.2019 00:52
  • 4.1k+

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U16) Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşmak üçin Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherine bardy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.
CAFA-nyň çempionatynyň Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Owganystanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň (U16) gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys. Duşenbe hem-de Gissar şäherleriniň merkezi stadionlarynda geçiriljek çempionata 26-njy iýulda badalga berlip, 1-nji awgustda tamamlanar. Ýeňiji bir aýlawda geçiriljek bäsleşikde kesgitlener. Çempionatyň on duşuşygy Duşenbäniň merkezi stadiony kabul etse, bäş duşuşyk Gissar şäheriniň merkezi stadionynda oýnalar.
CAFA-nyň çempionatynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Batyr Şyhyýewiň tälimçiliginde çykyş eder. Bu bäsleşik biziň ýetginjekler ýygyndymyza 16-22-nji sentýabr aralygynda Daşkentde geçiriljek Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyryna özboluşly taýýarlyk bolar. Aziýa çempionaty-2020-niň saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda çykyş edýän ýetginjekler ýygyndymyzyň garşydaşlary Özbegistanyň, Hindistanyň hem-de Bahreýniň ýygyndylary bolar.
Ýetginjekler ýygyndylaryň (U16) gatnaşmagyndaky CAFA-nyň çempionatynyň geçiş tertibi bilen şu salgyda tanşyp bolar.

düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......