Türkmenistan AFK-nyň hemişelik komitetine agzalyga saýlanyldy

  • 24.07.2019 01:31
  • 4k+

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) 2019-2023-nji ýyllaryň aralygynda iş alyp barjak AFK-nyň hemişelik agzalaryny saýlady. AFK-nyň geçiren ýörite ýygnanyşygynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow AFK-nyň Aziýa futbolyny ösdürmek baradaky hemişelik komitetine agzalygy biragyzdan goldanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Şunuň bilen bagly beýanat beren A.Aýnazarow:
- FIFA-bilen AFK-nyň dünýäde, şol sanda Türkmenistanda futboly ýokary derejelere ýetirmekde edýän tagallalaryny aýratyn bellemek gerek.Bize uly ynam bildirilýändigi örän begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda sporty, şol sanda futboly ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Şol edilýän aladalar FIFA-dyr AFK-nyň ýolbaşçylar düzümleri gyzgyn goldaýarlar” diýip belledi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Futzal bölüminiň başlygy Guwanç Kanaýew AFK-nyň futzal we kenarýaka futboly bilen bagly hemişelik komitetine agza saýlanyldy.
Ýeri gelende bellesek, türkmen hünärmenleriniň AFK-nyň hemişelik komitetlerine agzalyga saýlanylmaklary, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň ýolbaşçylarynyň TFF-niň alyp barýan işlerine ynamlarynyň uludygyna şaýatlyk edýär.

düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......