«Türkmenistan Sport" bilen "Setanta sports" teleýaýlymlary täze şertnama baglaşdylar

  • 21.07.2019 06:40
  • 8.4k+

Birnäçe ýyllaryň dowamynda "Türkmenistan Sport" teleýaýlymy bilen işleşip, türkmenistanly sport janköýerlerine dünýäniň öňdebaryjy ligalaryndan gyzykly duşuşyklary elýeter eden Irlandiýanyň "Setanta Sports" teleýaýlymy bu hyzmatdaşlygy ýene-de üç ýyllap dowam eder. Has takygy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi tarapyndan "Türkmenistan Sport" hem-de "Setanta Sports" teleýaýlymlarynyň arasynda şu ýylyň 1-nji iýulyndan 2022-nji ýyla çenli şertnamanyň baglaşylandygy habar berildi. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Mahabat müdirliginiň türkmenistanly sport janköýerlerine hoş habary munuň bilen çäklenmeýär. Şertnamanyň hereket edýän döwründe Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýtynda (www.turkmentv.gov.tm) "Setanta Sports 1", "Setanta Sports 2" we "Setanta Sports 3" teleýaýlymlary onlaýn görkeziler. Ýagny sport muşdaklary "Türkmenistan Sport" teleýaýlymynyň göni ýaýlyma berip ýetişmedik duşuşyklaryna Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýty arkaly tomaşa edip bilerler.
Öňümizdäki möwsümde "Setanta Sports" telekompaniýasy tomaşaçylara Ispaniýanyň "La Ligasynyň", Italiýanyň "Seria A-synyň", Germaniýanyň "Bundesligasynyň", Fransiýanyň "Liga 1-niň", Angliýanyň kubogynyň, NBA-nyň, NHL-iň duşuşyklaryny we iri golf ýaryşlaryny göni ýaýlymda ýetirmegi meýilleşdirýär. Ýeri gelende aýtsak, telekompaniýa öz hyzmatlaryny 14 döwlete berýär. Häzirki wagtda 17,24 million tomaşaçysy bolan "Setanta Sports" her ýylda bir ýarym müňden gowrak futbol, 600 NHL we NBA duşuşyklaryny we 150-ä golaý beýleki ýaryşlary göni ýaýlymda we ýazgyda alyp görkezýär.

düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......