Gaz partlamasyndan ejir çekenleri täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürdiler

  • 17.07.2019 07:18
  • 24k+

16-njy iýulda Aşgabadyň 10-njy kiçi etrapçasynda bolup geçen gaz partlamasyndan ejir çeken jaýyň ýaşaýjylaryny tiz wagtda täze öýlere ýerleşdirdiler. Bu barada Orient habarlar agentliginiň habarçysy adatdan daşary hadysanyň bolup geçen ýerinde şaýatlar alan maglumatlary esasynda habar berdi. Partlamanyp bolup geçen ýerinden dürli tehniki gulluklar işleýär, şol jaýyň girelgesini barlaýarlar, goňşy girelgeleriň howpsuzlygyny anyklaýarlar. Ýaşaýyş jaýynyň töwereginde köpsanly gurluşyk tehnikalary jemlendi, «Tiz kömek» gulluklarynyň ulaglary nobatçylyk edýär.
Şäher häkimligi ýerli ýaşaýjylaryň aýdanlaryny tassyklady: partlama bolan jaýdan 12 maşgala ýaşaýyş şertleri gowulandyrylan täze jaýlardaky (başgaça aýdanyňda, ýarym elitka) öýlere göçürildi. Hadysa bolup geçenden dessine soňra ol maşgalalar, esasan, Parahat – 7 we Gurtly (öňki Köşi) ýaşaýyş toplumlaryndaky täze gurlan öýlere geçirildi. 
Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleri täze öýe göçüp gelenlere iýmit önümlerini, gap-gaçlary, agyz suwuny we ş.m. getirip berdiler, holodilnikleri we goşmaça kondisionerleri oturdyp berdiler.
Partlamadan ejir çekenlere lukmançylyk we professional psihologik kömek berilýär. Orient agentliginiň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Tiz kömek» Merkeziniň reanimasiý bölüminiň müdirinden anyklap, habar bermegine görä, zerur bolan serişdeleriň ählisi ýeterlik derejede bar.
Häzirki wagtda adatdan daşary hadysanyň bolan ýerinde partlamanyň zyýanlaryny aradan aýyrmak işleri dowam edýär.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......