Aşgabatda ýaşaýyş jaýynda gaz partlamasy boldy

  • 16.07.2019 20:58
  • 33k+

16-njy iýulda takmynan ir sagat 7:20 töweregi Aşgabadyň 10-njy kiçi etrapçasynda gaz partlamasy boldy. Bu barada Turkmenportal agentligi habar berýär. A.Niýazow köçesiniň, 1-nji geçelgesiniň 12-nji öýüniň, 2-nji korpusyndaky 4 gatly  jaýyň 4-nji gatynda bolan gaz partlamasy barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirliginiň podpolkownigi Merdan Şamyradowiç Annagurdow Turkmenportalyň habarçysyna gürrüň berdi:
— 4-nji gatda bolup geçen gaz atylmasy çak edilşine görä birikdiriji ulgamlardan gazyň syzmagy ýa-da howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilmänligi sebäpli ýüze çykan bolmagy mümkin. Gyssagly kömek gullugy tarapyndan ejir çekenlere öz wagtynda kömek berildi. Halas ediş topary tarapyndan ýaralanan 7 adama lukmançylyk kömekleri berlip, iki adamyň ýaralanyp, olaryň şikeslerini bejermek üçin lukmançylyk merkezlerine ugradyldy. Emma ýogalan ýok. Partlamanyň bolan ýerinde ot öçürijileriň topary, raýat goranyş gullugy, hem tiz kömek işgärleri bar. Bu ýerde barlaglar güýçli depginde dowam etdirilýär. 
Wakanyň bolan ýerinde Aşgabat şäher häkimliginiň işçileri binada arassalaýyş we dikeldiş işlerini geçirýärler. Ejir çekenleriň haýyşyna görä, olaryň jaýlarynda dikeldiş işleri geçirilip, täze ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün ediler.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......