ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy adaty konsullyk hyzmatlaryny wagtlaýynça bes edýär

  • 13.07.2019 15:43
  • 14k+

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugy 2019-njy ýylyň iýul aýynyň 29-yndan başlap 2019-njy ýyylyň awgust aýynyň 12-sine çenli immigrasiýa degişli we degişli bolmadyk wizalar, hem-de ABŞ-nyň raýatlaryna degişli adaty soraglar boýunça wagtlaýynça kabul etmejekdigi barada mälim edýär. Bu barada Turkmenportal ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda ýerleşdirilen habara esaslanyp habar berýär.
Gyssagly ýagdaýda kömek soraýan ABŞ raýatlaryň kabul edilmegi dowam eder. Konsullyk gullugy 2019-njy ýylyň 13-nji awgustyndan başlap öz adaty işini yaňadan dowam eder.
Beýleki soraglaryňyz boýunça konsullyk gullugyna 99312 940049 telefon belgisine (her Duşenbe we Anna günleri sagat 11.00-den 13.00 çenli) jan etmeginizi ýa-da ConsularAshgab@state.gov elektron salgysyna hat ugratmagyňyzy haýyş edýäris. 
ABŞ-nyň raýatlaryna degişli gyssagly ýagdaýlar ýüze çykanda işden daşary wagt +993-12-940045 telefon belgisine jaň edip nobatçy işgär bilen birikdirilmegiňizi haýyş edip bilersiňiz.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......