Türkmen türgenleri Bütindünýä uniwersiada gatnaşýarlar

  • 04.07.2019 00:44
  • 3.1k+

Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän türgenleriň ilkinji topary Italiýanyň Neapol şäherine geldi. Bu türgenler ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadada ýurdumyzyň sport abraýyny goramak hukugyna eýe boldular. Topara iki tälimçi ýolbaşçylyk edýär.
Dzýudoçylaryň arasynda ilkinji bäsleşikler şu gün — 4-nji iýulda başlanýar. Neapol şäherinde geçirilýän Bütindünýä tomusky uniwersiada 127 ýurtdan 9 müňe golaý türgeniň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Ýaryşlaryň maksatnamasynda sportuň 18 görnüşi göz öňünde tutulandyr.
Türkmen talyp türgenleri ýaýdan ok atmak, gylyçlaşmak, ýeňil atletika, dzýudo, tennis we suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklere gatnaşarlar.
Uniwersiadanyň resmi açylyş dabarasy 3-nji iýulda ýerli wagt bilen sagat 21:00-da San Paolo stadionynda boldy. Häzirki zaman tomaşalar tehnologiýalary esasynda geçirilen bu çärä 1500 adam gatnaşdy. Bu wakanyň öň ýanynda suw polosy, suwa bökmek hem-de futbol boýunça saýlama ýaryşlar başlandy.
4-nji iýulda dzýudoçylar bilen bir hatarda suwda ýüzmek we gylyçlaşmak boýunça bäsleşikler geçiriler.
5-nji iýulda tennisçileriň saýlama ýaryşlary başlanylar, oňa biziň ýurdumyzdan Hajymyrat Çaryýew gatnaşar.
8-nji iýulda bolsa, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar başlanyp, Irina Welihanowa medallar ugrunda bäsleşer.
9-njy iýulda bu bäsleşiklere ýaýdan ok atmak boýunça türgenler goşular. Bu ugurdan ýaryşlara Türkmenistandan iki türgen gatnaşar.
Uniwersiadada jemi 222 medal ugrunda bäsleşikler bolar, medallara mynasyp bolanlar iki hepdä golaý wagtdan kesgitleniler, 14-nji iýulda bolsa, Neapolda geçirilýän ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň ýapylyş dabarasy bolar.

düýn 23:00
2.6k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

11.05.2026 22:47
6.7k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

11.05.2026 07:18
9k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.5k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....