«Altyn Asyr» AFK Kubogy-2019-da Wýetnamyň topary bilen duşuşar

  • 02.07.2019 22:27
  • 4.2k+

Aşgabadyň “Altyn Asyry” AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarymfinalynda ACEAN zolagynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Ýeri gelende bellesek, ACEAN zolagynyň finalynda Wýetnamyň “Hanoý” hem-de “Binzyong” toparlary duşuşýarlar. “Altyn Asyr” interzolagyň birinji ýarymfinalyny 20-nji awgustda myhmançylykda, jogap oýnuny bolsa 27-nji awgustda öz meýdançasynda geçirer. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.
AFK-nyň Kubogynyň ikinji ýarymfinal jübütini Bangladeşiň “Abahani Limited”, bilen Demirgazyk Koreýanyň “Aprel 25” toparlary düzdüler. Olaryň arasyndaky birinji duşuşyk 21-nji awgustda, ikinjisi bolsa 28-nji awgustda geçiriler.
AFK-nyň interzolagynyň final duşuşyklary 25-nji sentýabrda hem-de 2-nji oktýabrda geçiriler. Interzolagyň ýeňijisi Günbatar zolagyň ýeňijisi bilen AFK-nyň Kubogynyň finalynda güýç synanyşar. Günbatar zolagyň finalynda Iordaniýanyň “Al-Jazira” hem-de Liwanyň “Al-Ahed” toparlarynyň duşuşýandyklaryny ýatladýarys.
AFK-nyň Kubogy – 2019-yň aýgytlaýjy duşuşygy 2-nji noýabrda geçiriler.
Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl “Altyn Asyr” AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş etmegi başarypdy. Şonda toparymyz Yragyň “Air Force Club” toparyndan 2:0 hasabynda ýeňlipdi.

düýn 23:00
2.6k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

11.05.2026 22:47
6.7k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

11.05.2026 07:18
9k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.5k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....