“Altyn Asyr” bassyr ikinji ýyl AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarymfinalynda

  • 27.06.2019 23:39
  • 3k+

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary myhmançylykda täjikleriň “Istikloly” bilen geçiren duşuşygyny 1:1 hasabynda tamamlap, bassyr ikinji ýyl AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigini ýeňiş bilen tamamlady. Paýtagtymyzyň toparynyň bu deňligi oňa AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarymfinalyna çykmagyna mümkinçilik berdi. Duşenbäniň merkezi stadionyna ýygnanan14 müň janköýeriň şaýatlygynda geçen duşuşykda Merkezi Aziýa sebitiniň “D” toparçasynyň ýeňijisi kesgitlenilýärdi. Paýtagtymyzyň toparyna toparçadan çykmak üçin deňlik hem ýeterlikdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.
Hasaby ilki toparymyz açmagy başardy. Oýnuň 49-njy minutynda Altymyrat Annadurdyýew “Altyn Asyry” öňe saýlady. 57-nji minutda Fathullo Fathulloýew hasaby deňlän topy öz adyna ýazdyrdy. Ýöne muňa garamazdan, duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.
Myhmançylykda gazanan deňligi toparymyza AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigini ýeňiş bilen tamamlamagyna ýeterlik boldy. “Altyn Asyryň” AFK-nyň interzolagynyň ýarymfinalyndaky garşydaşy az soňra mälim bolar.
“D” toparçanyň beýleki duşuşygynda gyryzlaryň “Dordoýy” öz meýdançasynda täjikleriň “Hujandyny” 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

düýn 23:00
2.7k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

11.05.2026 22:47
6.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

11.05.2026 07:18
9k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.5k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....