Türkmen pälwany göreş boýunça dünýä çempiony boldy

  • 26.06.2019 00:15
  • 6.7k+

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen göreş boýunça Dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça Türkmenistandan baran türgen altyn medal eýeledi. Bu barada «Советский спорт» neşiri habar berýär.
Ýaryşa dünýäniň 42 döwletinden 230 türgen gatnaşdy. Türkmen türgeni Begenç Kakalyýew 65 kilogram agram derejede çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Göreş boýunça Dünýä çempionatynda erkekleriň we 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda medallaryň jemi 10 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Medal hasabynda Russiýa Federasiýasynyň ýygyndysy ýeňiş gazandy.
Ýaryşlaryň jemleýji göreşleri Tatarystan Respublikasynyň Sabin etrabynyň Minger obasynda tatar medeniýetiniň festiwalynyň — «sabantuýyň» 35 müňden gowrak myhmanynyň tomaşa etmeginde geçirildi.
«Göreş» sporty X asyrda emele gelip, türki halklaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji Dünýä çempionaty 1999-njy ýylyň maýynda Daşkentde geçirildi we şol wagtdan bäri göreşiji türgenler tutuş dünýäde gurnalýan dürli derejeli ýaryşlarda duşuşýarlar.

düýn 23:00
2.6k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

11.05.2026 22:47
6.7k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

11.05.2026 07:18
9k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.5k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....