Raşid Meredow Seulda Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

  • 25.10.2022 09:11
  • 10k+

24-nji oktýabrda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok-Su bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministrine gyzgyn salamlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň halkara meýdançalardaky, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada bellenildi. Şeýle-de söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlary boýunçaTürkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bulardan başga-da, ýakyn wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.
Taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň anyk netijelerini, şol sanda Aşgabatda Patyşa Sejong adyndaky institutyň gaznasynyň Koreý dili we medeniýeti boýunça bilim beriş merkeziniň açylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapynyň bilim, şol sanda döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanmasy bildirildi.


düýn 07:00
4.7k+

Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meýlini beýan etdi

15-nji iýulda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIIB) prezidenti, direktorlar geňeşiniň başlygy Szin Liçun bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 06:54
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-nde BAE-niň ilçisi bilen Awazadaky halkara maslahata taýýarlyk maslahatlaşyldy

15-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 06:49
3.2k+

Türkmenistan Ruanda Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

14-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekildi...

15.07.2025 14:43
3.7k+

Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

14-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler...