Ilon Mask «Ýanan saçlar» atly parfýum çykardy we eýýäm 2 mln dollarlyk sargyt aldy

  • 14.10.2022 17:17
  • 14582
Ilon Mask «Ýanan saçlar» atly parfýum çykardy we eýýäm 2 mln dollarlyk sargyt aldy

Amerikaly milliarder Ilon Mask Burnt Hair («Ýanan scalar») parfýumyny satlyga goýberdi, onuň bir çüýşesini 100 dollardan Co kompaniýasynyň saýtyndan satyn almak bolar.

Tesla Inc.-iň ýolbaşçysy Mask özüniň twitterdäki sahypasynyň teswirini «Parfýumeriýa satyjysy» diýip üýtgetdi we eýýäm 20 müň çüýşe, ýagny umumy bahasy 2 mln dollarlyk parfýum satandygyny belledi.
Burnt Hair alyjylara indiki ýyl ugradylyp başlanar diýip, The Wall Street Journal belleýär.
Ozal milliarder Boring-iň erkek adamlary «köpçüligiň içinden tapawutlandyrjak»  atyr boljakdygyny habar beripdi.
Ol twitterde meňki ýaly familiýaly adamyň (Musk iňlis dilinden terjime edilende «müşk» diýen manyny berýär) parfumeriýa söwdasyna baş goşman gitjek ýeri ýok diýip degişdi. «Men nä beýle uzak wagtlap muny boýun almakdan  gaça durdumkam?» — diýip, ol ýazýar.


01.05.2024 10:49
9757

Maskyň baýlygy soňky iki ýylda ilkinji gezek bir hepdede tas 40 mlrd dollar ýokarlandy

Milliarder Ilon Maskyň baýlygy aprel aýynyň soňky hepdesinde 37,3 mlrd dollar artdy, bu hem onuň üçin 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri iň uly hepdelik ösüş boldy diýip, Bloomberg habar berýär. Bloomberg Billionaries...

19.04.2024 13:23
1850

Ilon Mask X sosial ulgamynyň täze ulanyjylaryna postlary üçin töleg girizip biler

Galp akkauntlara we botlara garşy göreşmek maksady bilen, X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask täze ulanyjylardan ýazgylar (post), laýklar we jogaplar üçin “biraz töleg” almagy meýilleşdirýändigini...

04.04.2024 11:56
16840

Forbes: 2024-nji ýylda milliarderleriň sany artdy, olaryň baýlygy rekord goýýar

“Forbes” žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk reýtingini neşir etdi. LVMH fransuz kompaniýasynyň eýesi Bernar Arno 233 mlrd dollar baýlygy bilen sanawda ýene-de birinji orny eýeledi. Geçen ýyl onuň baýlygy...

27.03.2024 23:47
17672

Ilon Mask ýene-de Ýer ýüzündäki iň baý adam boldy

Tesla kompaniýasynyň we X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) ýolbaşçysy Ilon Mask ýene-de dünýädäki iň baý adam boldy. Muny Hytaýyň işewür neşiri Hurun tarapyndan neşir edilen reýting tassyklaýar. Neşiriň habaryna...