Kanada pandemiýa zerarly ýurda girmek gadaganlyklaryny ýatyrar

Kanada pandemiýa zerarly ýurda girmek gadaganlyklaryny ýatyrar

Kanadanyň hökümeti 30-njy sentýabrda pandemiýa zerarly ýurda giriş bilen bagly soňky çäklendirmeleri ýatyrar. Bu barada sişenbe güni The Globe and Mail gazeti elektron wersiýasynda habar berdi.

Onuň çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, şol günden başlap Kanada gelinýän howa menzillerinde we beýleki portlarda gelýän raýatlardan koronawirusy anyklamak üçin saýlama test almak goýbolsun ediler.
Şol bir wagtda örtük geýmek düzgüni otlularda we uçarlarda häzirlikçe saklanar.
Häzirlikçe, Kanada islendik döwletiň waksinany ýa doly alan, ýa-da bölekleýin alan raýatlary girip bilýärler. Soňky agzalanlar gelen howa menzilinde koronawirus üçin test tabşyrmalydyrlar.