Serdar Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 31.08.2022 11:33
  • 6.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Gyrgyzystan Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, türkmen-gyrgyz döwletara gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine geljekde-de bilelikdäki tagallalar netijesinde giňeldiljekdigine pugta ynam bildirdi.


düýn 18:04
4.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
10k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....