Dokma fabrikleriniň işini kämilleşdirmek üçin teklipler taýýarlanylýar

  • 27.08.2022 16:44
  • 6.5k+

26-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna dokma fabriklerini dolandyrmak ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen degişli çäreleri durmuşa geçirmek baradaky teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow kuwwatly gaýtadan işleýän binýadyň döredilmeginiň Türkmenistanyň dokma önümlerini öndürýän öňdebaryjy döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýelemäge ýardam edendigini, öndürilýän harytlaryň hiliniň bolsa ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterendigini belledi. 
Döwlet Baştutany bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesine ünsi çekip, wise-premýere hereket edýän kärhanalaryň işini kämilleşdirmek baradaky meseläni düýpli öwrenmegi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.


şu gün 11:38
212

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 10:12
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

şu gün 10:01
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...

düýn 13:59
1.4k+

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň iýun aýyndaky sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Bu barada TDH habar berýär...