Nutrisiolog çişligiň peýdaly taraplary barada gürrüň berdi

  • 26.08.2022 22:28
  • 27k+

Çenini bilip iýseň, çişligiň zyýanyndan peýdasy kändir. Bu barada RF-niň Çagalaryň we ýetginjekleriň sagdyn iýmitlenmeginiň medeniýetini kemala getirmäge we ösdürmäge ýardam bermegiň «Biziň çagalarymyzyň saglygy» milli bileleşiginiň prezidenti, nutrisiolog Olga Panowa gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu meşhur tagam — aminokislotalaryň, beloklaryň we demriň çeşmesidir. Şeýle hem onuň düzüminde nerw ulgamyna oňyn täsir edýän B witaminler topary bar.
Çişlik saglyga zyýan bolmaz ýaly, Panowa eti otda köp saklamazlygy maslahat berýär, çünki şeýle edilende onuň daşynda saglyga zyýanly kanserogenleri saklaýan ýanan gabyk emele gelýär.
Şol bir wagtda çişligiň beloga baý iýmitdigini hem ýatdan çykarmaly däldir, ol köp iýlende zyýanlydygy onuň siňmesiniň kyndygy bilen baglydyr. Şonuň üçinem ony her hepde däl-de, baýramçylyk günlerinde we az mukdarda iýmeli. Panowa çişligi eliň aýasyndan uly bolmadyk mukdarda iýmegi maslahat berýär.


düýn 17:46
1.3k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......