Ženewa awtosalony 2023-nji ýylda Dohada geçiriler

  • 21.08.2022 16:15
  • 6.9k+

2023-nji ýylda Ženewa halkara awtosalony Şweýsariýadan daşary geçiriler. Çäräniň geçiriljek ýeri Ženewanyň deregine Kataryň Doha şäheri bolar. Bu barada awtosalonyň guramaçylyk gaznasynyň beýanyna salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. Geljekde Geneva show-y her iki ýyldan Katarda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, forbes.ru belleýär.

Çäräniň guramaçylary Geneva show-y Şweýsariýadan daşary geçirmegiň sebäbini ykdysady näbellilikler, geosyýasy töwekgelçilikler we koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly meseleler bilen düşündirdiler.
Awtosalon 2019-njy ýyldan bäri geçirilmändi. 2020-nji ýylda ol dünýäde COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli, başlamazyndan birnäçe gün öň ýatyryldy. 2023-nji ýylda Dohada hem çäre geçirip, salonyň üstüni ýetirmek göz öňünde tutulypdy, bu barada 2021-nji ýylda ylalaşyk gazanyldy.
18-nji awgustda Berndäki duşuşykda awtosalonyň guramaçylary 2023-nji ýylyň fewral aýynda geçiriljek çäräniň Ženewadaky böleginden ýüz öwürmek we ony 2023-nji ýylyň noýabr aýynda diňe Dohada geçirmek kararyna geldiler.
Ženewadaky sergi awtomobil pudagynda iň ajaýyp sergileriň biri bolup, onda beýlekiler bilen bir hatarda örän gymmat we sport modelleri hem görkezilýär. Bir aýdan hem az wagtdan Detroýtda (ABŞ) Demirgazyk Amerikanyň halkara awtosalony geçiriler. Ol hem geçen üç ýylyň dowamynda geçirilmedi.


07.10.2023 19:36
3.2k+

Katarda Geneva International Motor Show Qatar 2023 halkara awtosalony açyldy

Ýylyň iň uly awtomobil çäreleriniň biri bolan Ženewa halkara awtosalony (GIMS) myhmanlar üçin gapylaryny açdy. Bu barada tarantas.news habar berýär. 2023-nji ýylda Ženewa halkara awtosalony (GIMS) Şweýsariýada...

şu gün 14:34
1.3k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

düýn 21:15
4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......