Awazada 40-a golaý döwletiň ulag ministrleriniň gatnaşmagynda maslahat başlady

  • 15.08.2022 12:05
  • 28k+

Şu gün, 15-nji awgustda irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara  guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar. 


Ministrler maslahatynyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) durnukly ulag we onuň bilen bagly durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan ösüşini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjy pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem COVID-19-dan soňky dikeldiş üçin ulagyň esasy orny howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we oňa uýgunlaşmak bilen bagly meselelere garalar. 
Forumyň wezipeleri koronawirus pandemiýasyndan soň, düzümi maliýeleşdirmek, onuň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilimleri, tejribäni we innowasion çemeleşmeleri – çözgütleri alyşmak, DÇBÖBD-de ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin maslahatlary hem-de mümkinçilikleri ýüze çykarmak,  DÇBÖBD-niň bähbitleri üçin ulag ulgamynda halkara goldawyny giňeltmek hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak forumyň esasy wezipeleri boldy. Garaşylyşy ýaly, bu maslahatlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmaga gönükdiriler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatynda hödürleniler. 


11.12.2025 16:49
2.9k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi...

11.12.2025 16:32
8.8k+

Awazadaky forumda zenanlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça 17 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi...

11.12.2025 16:20
4.1k+

Awazada Türkmenistanyň we BMG-niň guramagynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi...

06.12.2025 10:31
14k+

Merkezi Aziýada üstaşyr ýük daşamalarynda gümrük amallaryny iň tiz Türkmenistanyň gümrük nokatlary ýerine ýetirýär

Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär. Şeýle netije Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça geçirilen barlaglarynyň netijeleri boýunça alyndy...