2025-nji ýylda BMW bilen Toyota bilelikde işlenip düzülen wodorod ýangyç elementlerinde işleýän modelleriň satuwyna başlamakçy bolýar. Bu barada BMW-niň satuw bölüminiň ýolbaşçysy Poter Nota “Nikkei” gazetine beren interwýusynda aýtdy diýip, 3dnews.ru belleýär.
Notanyň aýtmagyna görä, wodorod ýangyjynda işleýän transportyň tehnologiýasy uly ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply ulaglar üçin has derwaýysdyr, üstesine-de BMW-niň arsenalynda eýýäm iX5 Hydrogen konsepti bolup, onuň kiçi tapgyrlaýyn önümçiligi şu ýylyň ahyrynda başlar. BMW bilen Toyota ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça birleşigi 2013-nji ýylda döretdi we bilelikdäki taslamanyň üstünde azyndan 2020-nji ýyla çenli işlemegi meýilleşdirdi.
Häzirki wagtda içerki ýangyç hereketlendirijili ulaglara iň meşhur alternatiwa elektromobiller hasaplanýar, şeýle-de bolsa Nota wodorod ýangyjynda işleýän awtomobilleriň peýdasyna birnäçe delil getirdi. Olardan esasysy – bu, elbetde, elektromobiller bilen bagly ýagdaýda ep-esli wagt talap edýän zarýad bermedir, ýangyç guýmak bolsa bary-ýogy birnäçe minut dowam edýär. Şeýle-de, top-menejer BMW-niň diňe bir tehnologiýany ösdürmek islemeýändigini hem-de häzirki komponentleriň ýetmezçiliginiň elektromobillere garanyňda wodorod transporty segmentine az täsir edendigini belledi.
Şeýle-de bolsa, Bawariýada elektromobilleriň önümçiligi çaltlaşar. Eýýäm häzirki günde olar BMW-niň satuwynda ep-esli paý aldylar, 50% bellige bolsa olar 2030-njy ýyla bellenilen möhletden bir ýa-da iki ýyl öň ýeterler. Bu Mini we Rolls-Royce ýaly topara girýän beýleki brendlere hem degişli bolar.