Messi 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek «Altyn topa» dalaşgärleriň sanawyna girmedi

  • 14.08.2022 08:52
  • 17k+

Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" klubunyň we Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň ady France Football žurnaly tarapyndan iň gowy futbolça gowşurylýan "Altyn top" baýragyna dalaş edýän 30 türgenden ybarat sanawa düşmedi diýip, baýragyň Twitterdäki sahypasynda habar berilýär. 

Argentinanyň ýygyndysynyň kapitany alan "Altyn toplarynyň" sany (7) boýunça rekordçy hasaplanýar. Ol bu baýragy soňky gezek 2021-nji ýylda gazandy. Messi 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek "Altyn pökgä" dalaş edýän 30 dalaşgäriň hataryna goşulmady.
2022-nji ýylda "Altyn top" ilkinji sapar senenama ýylynyň däl-de, möwsümiň jemi boýunça gowşurylar. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 17-nji oktýabrda Parižde Teatr dýu Şatle-de geçiriler.
Geçen möwsümde Messi "Pari Sen-Žermen" üçin ähli turnirleriň 34 oýnuna gatnaşdy. Olarda alty gol geçirip, 15 gezek netijeli pas berdi we parižliler bilen bilelikde Fransiýanyň çempiony boldy. 


düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......