Şu gün «Real» bilen «Aýntraht» UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda duşuşar

  • 10.08.2022 16:57
  • 9268
Şu gün «Real» bilen «Aýntraht» UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda duşuşar

Ispaniýanyň «Realy» bilen Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurtynyň «Aýntrahty» çarşenbe güni UEFA-nyň Superkubogyny almak üçin duşuşarlar. Duşuşyk Helsinkidäki Olimpiýa stadionynda geçer we aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Madridiň «Realy» Superkubok ugrundaky oýna Çempionlar ligasynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşar. Turniriň final oýnunda ispan kluby 1:0 hasap bilen iňlisleriň «Liwerpulyndan» üstün çykdy. «Aýntraht» Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi hökmünde çykyş eder. Aýgytlaýjy oýunda Germaniýanyň kluby Şotlandiýanyň «Reýnjersini» utdy. Duşuşygyň goşmaça wagty 1:1 hasap bilen tamamlandy, oýundan soňky penalti seriýasynda «Aýntraht» 5:4 hasap bilen ýeňiş gazandy.


düýn 23:46
76

Dortmundyň "Borussiýasy" täze öý oýun eşigini görkezdi

Dortmundyň “Borussiýasy” 2024/2025 möwsüm üçin täze öý oýun eşigi toplumyny hödürledi. Toplum adaty sary-gara reňklerde. Germaniýanyň futbol çempionatynyň 33 oýnundan soň Dortmundyň “Borussiýasynyň” hasabynda 60...

düýn 16:38
5358

Ronaldu dünýäde iň köp girdeji gazanýan türgen boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu “Forbes” žurnaly tarapyndan 2024-nji ýylda iň köp girdeji alýan türgen hökmünde bellendi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär....

düýn 16:04
5767

“Ýuwentus” baş tälimçi Allegrini mahsus däl hereketleri üçin işden çykardy

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby baş tälimçi Massimiliano Allegrini işden çykardy. Bu barada turinlileriň resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär. Çarşenbe güni “Ýuwentus” Italiýanyň Kubogynyň finalynda...

17.05.2024 18:06
14608

Lewandowskiý 2020-nji ýyldaky “Altyn top” baýragyny alyp biler

“France Football” žurnaly Ispaniýanyň “Barselonasynyň” hüjümçisi Robert Lewandowskä 2020-nji ýyldaky “Altyn top” baýragyny bermegi göz öňünde tutýar. Bu barada Diario Sport habar berýär diýip, RIA Nowosti ýazýar...