Weýnaldum "Roma" bilen şertnama baglanyşdy

  • 03.08.2022 23:07
  • 9k+

«PSŽ-niň» ýarym goragçysy Žoržinýo Weýnaldum karýerasyny Italiýada dowam eder. Žurnalist Fabrisio Romanonyň Twitterde ýazmagyna görä, 31 ýaşyndaky niderlandly futbolçy «Roma» bilen şertnama baglanyşdy.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, ylalaşyk parižliler futbolçynyň rimlileriň düzümine kärendesine geçmegine razy bolanlaryndan soň gazanyldy. 
Geçen möwsümde Weýnaldum ähli ýaryşlarda 38 duşuşyga gatnaşyp, 3 gol geçirdi we 2 sany netijeli pas berdi.


şu gün 10:52
1.5k+

Pedri, Ýamal we Dembele FIFA-nyň simwolik toparyna girdi

«Barselonanyň» ispaniýaly oýunçylary Pedri we Lamin Ýamal, şeýle-de «Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň simwolik toparyna girizildi...

şu gün 10:19
844

Donnarumma möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-dan The Best baýragyny aldy

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma geçen möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-nyň The Best baýragynyň eýesi boldy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berildi. Häzirki wagtda «Mançester Sitide» çykyş edýän derwezeban bu baýragy 2024-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 2-nji awgusty aralygyndaky ajaýyp çykyşlary üçin aldy...

şu gün 10:17
2k+

Mbappe «PSŽ-e» garşy kazyýet işinde utdy: klub oňa 61 mln ýewro tölär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby «Pari Sen-Žermene» garşy tölenmedik zähmet haklary we bonuslar bilen bagly kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Parižiň Zähmet dawalary boýunça kazyýeti «PSŽ-ni» futbolça rugsat tölegleri bilen birlikde 61 mln ýewro tölemäge borçlandyrdy...

şu gün 10:14
1.5k+

Ýylyň iň gowy goly üçin Puşkaş baýragyny argentinaly Santýago Montiel aldy

«Independente» klubunda çykyş edýän argentinaly futbolçy Santýago Montiel 2025-nji ýylyň iň owadan goly üçin Puşkaş baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi...