Bitkoinyň bahasynyň düşmegi bilen bagly, ýarym ýylyň içinde Tesla 170 mln dollar ýitirdi

  • 26.07.2022 14:08
  • 6.2k+

Amerikanyň Tesla kompaniýasy öz bitkoin-aktiwleriniň bahasynyň arzanlandygy sebäpli alty aýda takmynan 170 mln dollar möçberde zyýan çekdi. Kompaniýanyň ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça iş topary üçin taýýarlan,  duşenbe güni çap bolan üç aýlyk hasabatynda şeýle maglumatlar getirilýär.

20-nji iýulda Tesla öz bitkoinleriniň 75%-ini amerikan walýutasyna konwertasiýa edip, 936 mln dollar aldy. Şereketde galan sanly aktiwleriň bahasy  218 mln dollardan ybarat, geçen üç aýda bu görkeziji 1,2 mlrd dollar bolupdy. Tesla 2021-nji ýylyň başynda bitkoine 1,5 mlrd dollar goýupdy.
2022-nji ýylyň ikinji çärýeginiň netijeleri boýunça kompaniýa 2,26 mlrd arassa girdeji aldy, bu bolsa birinji çärýekdäkiden takmynan 31% azdyr.
Maý-iýun aýlarynyň dowamynda bitkoin telim gezek kemelýändigini görkezdi. Aýratynam, iýunyň ortalaryndaky söwdalaşyklarda onuň bahasy 2020-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji gezek 19 müň dollardan aşak düşdi.
ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça iş topary obligasiýalaryň we paýnamalaryň bazarlaryny, şeýle hem paýnamalar üçin deriwatiwler we obligasiýalar bazaryny düzgünleşdirýär. 
Edara ABŞ-nyň maliýe bazarynyň esasy düzgünleşdirijileriniň dörtlügine girýär.


01.03.2026 10:42
9.3k+

Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär

Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda Aýda önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu barada Giga Berlin zawodynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy we maýadarlaryň kompaniýanyň uzak möhletli geljegine üns bermelidigini belledi...

04.02.2026 15:29
8.6k+

Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy...

31.01.2026 14:33
7.6k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...

24.01.2026 09:42
1.4k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...