Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşini 65 ýaş ýubileýi bilen gutlady

  • 25.07.2022 08:56
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, bagtyýarlyk, doganlyk özbek halkynyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmak baradaky arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany bu gün okgunly öňe barýan Özbegistanyň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözülmeginde möhüm orny eýeleýändigini hem-de köp sanly ýurtlar bilen açyk we oňyn gatnaşyklary saklaýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn, ygtybarly goňşymyz bolan Özbegistan Respublikasy bilen biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny nygtady. “Biziň ýaňy-ýakynda bolan duşuşyklarymyz we gepleşiklerimiz hem-de Siziň ajaýyp ýurduňyza amala aşyran ilkinji saparymyň dowamynda gol çekilen köp sanly resminamalar muny aýdyň tassyklaýar” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.


şu gün 11:41
1.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 22:09
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 12:31
5.4k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....