“Türkmenfilm” Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşar

  • 21.07.2022 13:55
  • 10k+

17 – 27-nji sentýabrda Daşkentde “Ýüpek ýolunyň merjeni” kinofestiwaly geçiriler. Bu kinoforum tas çärýek asyr geçenden soň gaýtadan janlandy, birwagtlar ol Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň halkara kinofestiwaly diýlip atlandyrylyp, 30 ýylyň dowamynda – 1968-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli dünýäniň dürli künjeginden iň gowy kinematografçylary, aktýorlary we režissýorlary ýygnapdy diýip, centralasia.media belleýär.

2021-nji ýylda Özbegistanyň prezidenti “Daşkent halkara kinofestiwalyny dikeltmek we geçirmek barada” karara gol çekdi we indi bu waka her ýyl hem-de “Parahatçylyk, aň-bilim we ösüş üçin” şygary astynda geçirilýär. Bu ýyl kinoforum Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçiriler.
Bu baýramçylygyň “gyzyl ýodajykda” kino ýyldyzlaryny we meşhur aktýorlary, şeýle-de dünýäniň onlarça ýurdundan kino pudagynyň ýüzlerçe daşary ýurtly wekillerini jemlemegine garaşylýar. Onuň dowamynda bolsa döredijilik seminarlary, treningler, ussatlyk sapaklary, kinematografçylar we kino sungatyndaky hünärmenler bilen duşuşyklar guralar.
“Ýüpek ýolunyň merjeni” halkara kinofestiwalynyň programmasynda dürli ýurtlardan awtorlyk filmleri we garaşsyz kinolar görkeziler. Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” tarapyndan öndürilen kartinalar hem Daşkentdäki kino bäsleşigine gatnaşar. Kinostudiýada habar berlişi ýaly, häzirki wagtda häzirkizaman türkmen režissýorlarynyň birnäçe işleri subtitrler bilen görkezmek üçin iňlis we rus dillerine geçirilýär, şeýle-de dublýaž edilýär, şondan soň iň gowy iki kinolenta Özbegistana iberiler.
Festiwalyň çäklerinde “Daşary ýurt kinosynyň günleri”, “5 günde kino”, şou-konsertler, eksklýuziw kinoprogrammalar, fleşmoblar we çykyşlar guralar.


şu gün 10:10
1.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.6k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....