2023-nji ýylda jiu-jitsu boýunça dünýä çempionaty Mongoliýada geçiriler

  • 20.07.2022 15:02
  • 6.2k+

2022-nji ýylyň 17-nji iýulynda Aziýanyň jiu-jitsu federasiýasynyň müdirler geňeşiniň agzasy O.Bold-Erdene jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatyny Mongoliýada geçirmek barada resmi şertnama gol çekdi. Bu barada ol sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi. 

“2023-nji ýyldaky jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatyny biziň ýurdumyzda geçirmek barada resmi şertnama gol çekildi. (Birmingem, ABŞ. 17.07.2022). 2023-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 21-nji iýuly aralygynda dünýäniň jiu-jitsu boýunça iň gowy türgenleri Ulan-Batorda ýygnanar... Gutlaýarys, MJJH maşgalasynyň agzalary” – diýip, centralasia.media onuň sözlerini getirýär.


23.10.2025 12:03
1.3k+

Türkmenistanyň sport ulgamynyň wekilleri Mongoliýada halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň sport ulgamynyň wekilleri 20-21-nji oktýabrda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplar sporty boýunça guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar...

31.01.2024 18:06
27k+

 Ronaldonyň altyn topy, Maradonanyň dünýä çempionatyndaky altyny ... FIFA-nyň dünýä futboly muzeýi Ulan-Batorda sergi geçirýär

Şu gün Ulan-Batorda (Mongoliýanyň paýtagty) FIFA-nyň Bütindünýä futbol muzeýiniň taryhy eksponatlarynyň sergisi geçirilýär. Bu barada Anadolu gullugy habar berdi. Futbol janköýerleriniň hemmesi çärä mugt gatnaşyp...

21.02.2022 17:29
12k+

Aziýanyň Kubogy – 2023-iň saýlama oýunlary 6 ýurtda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

2023-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň saýlama oýunlary 6 ýurtda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.  Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 6 ýurdy –...

düýn 16:56
4.8k+

Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady

Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi...