Twitter Ilon Masky kazyýete berdi

  • 13.07.2022 17:51
  • 14k+

Twitter sosial ulgamyna eýe bolan adybir kompaniýa milliarder Ilon Masky amerikan kompaniýasynyň satyn alynmagyny tamamlamaga mejbur etmek maksady bilen kazyýete ýüz tutdy. Bu barada Delawer ştatynyň kazyýetine gelip gowşan talap arzasynda habar berilýär diýip, TASS belleýär.

“Mask Twitter bilen onuň paýdarlarynyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýar, sebäbi onuň gol çeken şertnamasy indi onuň şahsy bähbitlerine jogap bermeýär – diýlip, arzada aýdylýar. – Mask arkaýyn kararyny üýtgedip, kompaniýa zyýan ýetirip, onuň işini bozup, paýdarlar üçin [Twitter-iň] gymmatyny gaçyryp bilerin diýip pikir edýän bolmaly”. Bu işde günäkärlenýänler telekeçi we onuň X Holdings firmasydyr.

Indi kazyýet Maskyň sosial ulgamyň ýolbaşçylygynyň galp akkauntlaryň we köpçülikleýin ýaýratmak üçin ulanylýan hasabat ýazgylarynyň paýy barada zerur maglumatlary bermändigi sebäpli Twitter bilen birleşmek baradaky şertnamany birtaraplaýyn ýagdaýda ýatyrmaga hukugynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny kesgitlemeli. Öň, şertnama bozulan halatynda telekeçiniň kompaniýa, takmynan, 1 mlrd dollar kompensasiýa tölemelidigi habar berildi.


düýn 23:00
601

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

düýn 22:44
1.8k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.8k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......