«Liwerpul» müsürli hüjümçi Salah bilen şertnamasyny uzaltdy

  • 03.07.2022 09:42
  • 7.8k+

«Liwerpulyň» metbugat gullugy hüjümçi Mohamed Salah bilen şertnamasyny uzaldandygyny mälim etdi. Hüjümçi klub bilen ylalaşygyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Salahyň bahasy 90 million ýewro diýip bahalandyrylýar diýip, gazeta.ru habar berýär,

Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) tamamlanan möwsüminde "Liwerpul" "Mançester Sitiden" bir utuk yza galyp, ikinji ýeri eýeledi. Çempionlar ligasynyň jemleýji oýnunda Ýurgen Kloppyň şägirtleri 0:1 hasap bilen Madridiň "Realyndan" ýeňildiler. Salah 2021/22 möwsümde 49 oýunda oýnap, 31 gol geçirdi. Umumy alaňda,  hüjümçi toparyň 254 oýnunda oýnap, 156 gol geçirdi.
Salah Müsüriň ýygyndysynyň düzüminde 2017-nji we 2021-nji ýyllarda Afrika milletleriniň kubogynyň finalçysy boldy. 


düýn 23:21
2.2k+

«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady

«Barselonanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2022/23 möwsüminiň ahyrynda klubuň özünden gol geçirmezligi haýyş edendigini aýtdy. Bu barada ol Sport ispan gazeti bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Ozal bu maglumaty polşaly žurnalist Sebastýan Staşewski futbolçy baradaky kitabynda neşir edipdi...

düýn 13:42
8k+

Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy

Abraýly Globe Soccer Awards baýragynyň eýeleri mälim edildi. Sylag gowşurylyş dabarasy Dubaýda (BAE) geçirildi. Bu ýyl baýraklaryň agramly bölegine «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) toparynyň wekilleri mynasyp boldular. Fransuz kluby geçen möwsümde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle-de Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çenli ýetdi...

27.12.2025 20:56
11k+

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Şu gün, Arkadag şäheriniň adybir topary Türkmenistanyň Kubogynyň final oýnunda “Ahal” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar...

27.12.2025 10:49
6.3k+

Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar

Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder...