Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak boýunça Pudagara topar döredildi

  • 02.07.2022 13:05
  • 31k+

Ýurdumyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda utgaşdyryjy Pudagara iş topary döredildi. Bu barada Hökümetiň 1-nji iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow hasabat berdi.

2021-nji ýylda “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine  garşy hereket etmek hakynda” täze rejelenen görnüşde kabul edilen Kanuna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, utgaşdyryjy Pudagara toparyny döretmek teklip edilýär. Onuň düzümine degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary giriziler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda anyk işleri geçirmegi tabşyrdy. 


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......